Wodorod bilen işleýän Toyota Crown sedany Ýaponiýada taksi we polisiýa gullugynda ulanylyp başlandy

  • 08.12.2025 12:17
  • 7.6k+

Toyota Ýaponiýada wodorodly ulaglarynyň ulanylyş toplumyny giňeltdi. Ýapon awtoulag ägirdi Fukusima prefekturasyndaky taksi kompaniýalaryna we polisiýa müdirligine ýangyç elementli Crown sedanlaryny berdi. Kompaniýa wagtyň geçmegi bilen şäher we döwlet gullugynda wodorod bilen işleýän sedanlaryň sanynyň köpelmegine garaşýar.

Toyota Crown FCEV taksi sedany ýörite liwreýasy, şeýle hem hasaplaýjy we sürüji üçin goşmaça nawigasiýa ýaly içerki enjamlar toplumy bilen tapawutlanýar. Salony dury germew bilen bölünen, yzdaky ýolagçylar üçin bolsa öňdäki oturgyçlaryň arka tarapynda displeýler, duýgur ekranly howa gözegçilik paneli we owkalama funksiýasy göz öňünde tutulan. Bu taksiniň bahasy beýleki taksileriňki bilen deňdir.


Polisiýa bölümine berlen bu awtoulag ýörite yşaratlar we aýratyn opsiýalar bilen üpjün edilen özboluşly kuzow dizaýnyny aldy. Kapotdaky ak-gara reňkleriň sepleşýän ýeri ýurduň esasy nyşanlaryndan biri bolan Fudziýama dagyna salgylanýar.
Wodorod bilen işleýän Toyota Crown, Mirai modelinden alnan güýç gurluşy – 182 at güýjüni we 300 Nm tork öndürýän yzky elektrik hereketlendirijisi, şeýle hem üç sany wodorod baky bilen enjamlaşdyrylandyr. Sedan bir zarýadda 820 kilometre çenli aralygy geçip bilýär.


düýn 21:54
1.6k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......