Arheologlar Arap çölünde gadymy adamlaryň yzlaryny tapdylar

  • 08.12.2025 06:24
  • 6.6k+

Häzirki wagtda Arap çöli adamlaryň ýaşamagy üçin diýseň ýowuz şertli ýerleriň biri hasaplanýar, ýöne ol hemişe beýle bolmandyr. Halkara arheologlar topary taryhdan öňki ýazgylarda Arap ýarym adasynyň "boş ýeri" hasaplanýan demirgazyk-gündogar içki böleginde gadymy adamlaryň ýaşandygynyň ygtybarly subutnamalaryny tapdylar.

Bu açyş, gowaklaryň giň gerimli barlaglarynyň çäginde ýüze çykaryldy we çygly howaly ýa-da "ýaşyl penjireli" diýilýän döwürlerde ýowuz çölüň sawannalaryň we derýalaryň toruna öwrülendigini, we gomininleriň Afrikadan göçmegine ýol açandygyny tassyklaýar.
Maglumatlar Malta uniwersitetinden Hýu Gruoukattyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary tarapyndan berildi we netijeler PLOS One atly ylmy žurnalda çap edildi.
Barlagçylar 79 gowagy öz içine alýan meýdan işlerinde Katar bilen Kuweýtiň arasyndaky sebite ünsi jemlediler. Işjeň durmuşyň subutnamalary tapylan birnäçe gowak olara üstünlik getirdi.
Iň möhüm tapyndy gowaklaryň biriniň girelgesindäki 400-den gowrak daş gural bolup, olar gadymy senetçileriň işini gönüden-göni görkezýärdi.
Artifaktlaryň derňewi gomininleriň bu sebitde 10 000 — 100 000 ýyl mundan ozal, orta we giçki paleolit döwründe ýaşandygyny ýüze çykardy. Mundan başga-da, gowaklarda düýeleriň, jerenleriň, syrtlanlaryň, möjekleriň we beýleki haýwanlaryň gowy saklanan süňkleri, sebitiň howasynyň taryhyny dikeltmäge kömek etjek mineral görnüşler bolan speleotemalar bar.
Bu işe gatnaşmadyk ewolýusiýa biology Maýkl Petraliýa bu işiň ylmy "ýarym adanyň dinamiki ekoulgamalarynyň gadymy adamlaryň we haýwanlaryň durmuşyna nähili täsir edendigine doly düşünmäge" ýakynlaşdyrýandygyny aýtdy.


düýn 19:32
1.5k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....