Ýohannes Klebo dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda 100 ýeňşe ýeten ilkinji lyžaçy boldy

  • 07.12.2025 09:24
  • 1.7k+

Norwegiýaly lyžaçy, bäş gezek Olimpiýa çempiony Ýohannes Klebo lyža ýaryşlary boýunça dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda karýerasyndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Türgen Norwegiýanyň Tronheým şäherinde geçirilen möwsümiň ikinji tapgyrynda klassyk stildäki sprint ýaryşynyň finalynda ýeňiji boldy.

Klebo bu aralygy 2 minut 59,89 sekuntda geçdi. Ikinji orny 0,31 sekunt yza galyş bilen onuň watandaşy Oskar Wike eýeledi. Üçlügi bary-ýogy 0,34 sekunt yza galan şwesiýaly Alwar Mýulbak jemledi.
Netijede, Klebo dünýä Kubogynyň tapgyrlarynda gazanan ýeňişleriniň umumy sany boýunça bäsdeşlerinden uly tapawut bilen öňde barýar. Üçlükde başga iki norwegiýaly türgen bar, ýöne olaryň ikisi-de karýerasyny tamamlady: ikinji orny 46 ýeňiş bilen sekiz gezek Olimpiýa çempiony Býorn Deli eýeleýär. Üçünji orunda 38 ýeňiş bilen iki gezek Olimpiýa çempiony Petter Nortug ýerleşdi.
29 ýaşly Klebo bäş gezek Olimpiýa altyn medalyny almakdan başga-da, 15 gezek dünýä çempiony we bäş gezek Uly hrustal globusyň eýesidir. 


26.06.2026 23:43
8.2k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
8k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....