Türkmen ýokary okuw mekdepleri ekologiýa görkezijileri boýunça dünýä reýtinginde ýokary galdylar

  • 06.12.2025 16:49
  • 4.6k+

Uniwersitetleri ekologiýa taýdan bahalandyrýan «UI GreenMetric World University Ranking» ulgamynyň 2025-nji ýyl boýunça netijeleri belli boldy. Bu reýting dünýädäki uniwersitetleri ekologiýa taýdan durnuklylyk babatynda 6 ugur boýunça jemi 10 000 baldan bahalandyrdy.

Bu ýyldaky reýtinge dünýäniň 105 döwletinden 1745 sany uniwersitet hasaba alnyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 7675 bal  toplap, 306-njy orny eýelemegi başardy. Uniwersitet infrastruktura we binalar boýunça 1500-den 1200, energiýa we howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça 2100-den 1575, galyndylary dolandyrmak boýunça 1800-den 1125, suw serişdelerini dolandyrmak boýunça 1000-den 850, ekologiýa taýdan arassa ulag boýunça 1800-den 1437,5, bilim we ylmy barlaglar boýunça 1800-den 1487,5 utuga eýe boldy.
Bu reýtinge gatnaşýan uniwersitetleri alan ballaryna görä 3 dereje bilen ýagny, 5000-e çenli bal alan uniwersitetleri bürünç, 5000-den 7500-e çenli aralygy kümüş, 7500-den ýokary bal alan uniwersitetleri altyn dereje bilen tapawutlandyrýarlar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 7675 bal toplap altyn derejä girdi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bu reýtinge 4 ýyl bäri gatnaşyp, 2022-nji ýylda 637-nji, 2023-nji ýylda 432-nji, 2024-nji ýylda 328-nji we 2025-nji ýylda bolsa 306-njy ýere eýe bolup yzgiderli öz ornuny ýokarlandyrmagy başardy.
Mundan başga-da bu reýtinge Türkmenistandan jemi 12 sany ýokary okuw mekdebi gatnaşyp Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bu ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 3 ýyl bäri birinjiligini saklap gelýär.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem umumy reýtingde 592-nji orundan göni 427-nji orna çykyp, uly ösüş görkezdi. Ol 7112,5 bal toplady.
Täzelenen sanawda Türkmen oba hojalyk instituty hem görkezijilerini ep-esli gowulandyrdy. Institut dessine 73 orun ýokary galyp, dünýäde 653-nji orny eýeledi (geçen ýyl 726-njy orunda ýerleşýärdi). Institutyň umumy netijesi mümkin bolan 10 000 baldan rekord derejedäki 6377,5 bal boldy.
Reýtingdäki şeýle çalt ösüş türkmen ýokary okuw mekdepleriniň sebitde ekologiýa taýdan iň jogapkär ýokary okuw mekdepleriniň biridigini tassyklaýar.


08.05.2026 22:36
2.7k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......

26.04.2026 20:55
3.5k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......