Türkmenistanly talyplar "RUDN MATH OLYMP 2025" Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

  • 06.12.2025 10:45
  • 4.3k+

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki Patris Lumumba adyndaky halklaryň dostlugy uniwersitetiniň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy (RUDN MATH OLYMP 2025) geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem gatnaşdylar.  Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyplary bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, olimpiadanyň netijesi boýunça şahsy hasapda geçirilen bäsleşikde Kerimguly Bendow birinji orny eýeläp, altyn medala,  Yslam Haýytmuhammedow üçünji orny eýeläp bürünç medala mynasyp boldular. Bu üstünlikler talyplaryň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna özboluşly sowgady boldy.
Bu abraýly bäsleşige Awstriýa, Polşa, Sloweniýa, Italiýa, Fransiýa Respublikalarynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Ispaniýanyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşandyklaryny bellemek gerek.


19.06.2026 18:41
3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......