Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektakly görkeziler

  • 05.12.2025 17:42
  • 3.4k+

Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Maugli» spektaklynyň premýerasy taýýarlanylýar – ol 12-nji dekabrda görkeziler. Bu sahna oýny iňlis ýazyjysy Redýard Kiplingiň adybir eseriniň esasynda goýuldy.

Spektakl tomaşaçylara dünýäniň nusgawy eserleriniň teatr hepdeliginiň çäginde görkeziler. Meşhur sýužetiň täze sahna interpretasiýasy häzirki zaman režissýorçylyk we çeperçilik çözgütlerini ulanýar. Sahna oýnunda täzelenen ssenografiýa, özboluşly aýdym-saz we kämilleşdirilen gurjak mehanizmi ulanyldy, bu bolsa nusgawy materiala täzeçe seretmäge mümkinçilik berýär.
Tomaşaçylar eseriň ähli esasy gahrymanlaryny: Mauglini, aýy Baluny, pantera Bagirany, gaplaň Şer-Hany we beýleki keşpleri görerler.
«Maugli» ertekisi Redýard Kiplingiň «Jeňňel kitaby» (The Jungle Book) atly eserine girýär. Ol Hindistanyň tokaýynda ýitip, möjekler sürüsi tarapyndan terbiýelenen oglanjygyň hekaýasyny gürrüň berýär. Gahryman öz halypalarynyň ýolbaşçylygynda ýabany tebigatda ýaşaýyş düzgünlerini öwrenýär, şeýle hem Şer-Hanyň howpuna garşy durýar.
Görkeziliş sagat 19:00-a meýilleşdirilýär.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....