Tarantino XXI asyryň iň gowy filmlerini aýtdy. Sanawyň başynda – «Gara gyrgy»

  • 05.12.2025 09:07
  • 3.3k+

Režissýor Kwentin Tarantino XXI asyryň iň gowy ýigrimi filminden ybarat sanawyny hödürledi. Ol bu reýtingi bilen «The Bret Easton Ellis Podcast» podkastynda paýlaşdy.

Häzirki döwrüň iň meşhur režissýorlarynyň biri özünde güýçli täsir galdyran filmleri sanap geçdi we olary saýlamagynyň sebäbini jikme-jik düşündirdi.
Tarantino birinji orunda Ridli Skottyň «Gara gyrgy» uruşly filmini goýdy. Ol filmiň ilkinji gezek görende haýran galdyrandygyny, ýöne režissýoryň iş gerimine birbada düşünmändigini aýtdy. Režissýor ony atmosferasy we wizual güýji taýdan «Apokalipsis şu gün» filmi bilen deňleşip biljek ýeke-täk film diýip atlandyrdy.

«Ol tutuş 2 sagat 45 minut dagy dartgynlylygy saklaýar. Ýakynda men ony ýene gördüm welin, ýüregim tutuş filmiň dowamynda gürsüldedi durdy; men ony köpden bäri görmesem-de, ol meni özüne çekip, goýbermän saklady. Režissýorlyk üstünligi – üýtgeşik bir zat».

Ikinji orny Pixar-dan «Oýnawaçlaryň hekaýaty 3» animasion filmi eýeledi. «Soňky bäş minut ýüregimi sogrup taşlady, men hatda soňuny gürrüň berjek bolsam-da, aglap demim tutular» – diýip, Tarantino aýtdy.
Režissýoryň sanawynda üçünji orunda «Terjime kynçylygy» ýerleşdi. Ol filme şeýle bir haýran galandygyny we Sofiýa Koppola aşyk bolandygyny aýtdy. Ol onuň ünsüni çekjek bolmaga synanyşandygyny ýatlady we bu filmiň özi üçin, hakykatdanam, gowy düşürilen iň takyk we inçe «zenan» filmleriniň biridigini belledi.
Kwentin Tarantinonyň reýtingi:

  1. «Gara gyrgy» (Чёрный ястреб / 2001)
  2. «Oýnawaçlaryň hekaýaty 3» (История игрушек 3 / 2010)
  3. «Terjime kynçylygy» (Трудности перевода / 2003)
  4. «Dýunkerk» (Дюнкерк / 2017)
  5. «Nebit» (Нефть / 2007)
  6. «Zodiak» (Зодиак / 2007)
  7. «Dolandyryp bolmaýan» (Неуправляемый / 2010)
  8. «Telbe Maks: Gazap ýoly» (Безумный Макс: Дорога ярости / 2015)
  9. «Şon atly Zombi» (Зомби по имени Шон / 2004)
  10. «Ýarygije Parižde» (Полночь в Париже / 2011)
  11. «Patyşalyk söweşi» (Королевская битва / 2000)
  12. «Örän ýaramaz ýigitler» (Очень плохие парни / 2013)
  13. «Däliler» (Чудаки / 2002)
  14. «Rok mekdebi» (Школа рока / 2003)
  15. «Isanyň hyrujy» (Страсти Христовы / 2004)
  16. «Melgunyň kowanlary» (Изгнанные дьяволом / 2005)
  17. «Şokolad» (Шоколад / 2008)
  18. «Bar zady üýtgeden adam» (Человек, который изменил всё / 2011)
  19. «Gyzdyrma» (Лихорадка / 2003)
  20. «Westsaýd hekaýasy» (Вестсайдская история / 2021)

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....