Nýu-Ýorkda ýylyň iň gowy kino taslamalaryna Gotham Awards baýraklary gowşuryldy

  • 04.12.2025 15:53
  • 1.7k+

Nýu-Ýorkda geçirilen 35-nji Gotham Awards dabarasynda baýragyň laureatlary yglan edildi diýip, Variety habar berýär.

Şu ýyl kino baýragynyň esasy eýesi eýranly režissýor Jafar Panahiniň «Ýönekeý bir tötänlik» dramasy boldy. Ol üç baýrak aldy. Film režissýorlygy, özboluşly ssenarisi üçin hem-de «iň gowy halkara film» kategoriýasynda baýraga mynasyp boldy. Ozal bu film 2025-nji ýylyň Kann kinofestiwalynyň «Altyn palma şahasyny» alypdy.
Ýylyň filmi ady Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» filmine berildi.
Gotham hormat baýraklaryny «Frankenşteýn», «Günäliler» we beýleki taslamalar aldy.
Laureatlaryň doly sanawy:

  • Iň gowy film: «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой)
  • Iň gowy režissýorlyk: Jafar Panahi – «Ýönekeý bir tötänlik» (Простая случайность)
  • Iň gowy baş keşp: Sope Dirisu – «Kakamyň kölegesi» (Тень моего отца)
  • Iň gowy ikinji derejeli keşp: Wunmi Mosaku – «Günäliler» (Грешники)
  • Iň gowy özboluşly ssenariý: Jafar Panahi – «Ýönekeý bir tötänlik»
  • Iň gowy adaptirlenen ssenariý: Garri Laýton – «Eýer» (Седло)
  • Iň gowy halkara film: «Ýönekeý bir tötänlik»
  • Ýylyň aktýorlyk öňegidişligi: Abu Sangare – «Süleýmanyň hekaýaty» (История Сулеймана)
  • Ýylyň režissýorlyk öňegidişligi: Akinola Dewis kiçi – “Kakamyň kölegesi»
  • Iň gowy dokumental film: «Islenmedik dostlarym: Bölüm 1» (Мои нежелательные друзья: Часть 1)

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....