Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

  • şu gün 09:43
  • 747

2-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda toplumy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatynda wise-premýer T.Atahallyýew häzirki wagtda Ylmy-barlag däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önüm öndürijileriň, daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň oňyn netije bermegine, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, pudaga täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Maslahatyň dowamynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ekinleriň seçgiçilik we tohumçylyk işleri boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň hiline möhüm ähmiýet berilmelidigini, şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, döwrebap agrotehniki usullaryň netijeli öwrenilmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz alymlaryň bu ugurdaky tejribesini artdyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 11:57
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentini Döwletiň jar edilen güni bilen gutlady

Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­nyň we Hö­kü­me­ti­niň adyn­dan, şeý­le hem hut öz adyn­dan Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýa­na...

düýn 11:50
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta ýurduň Sumatra welaýatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

düýn 11:44
1.5k+

Türkmenistanda Kuweýtiň täze ilçisi işe başlady

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdulaziz Ahmad Al-Adwaniden ynanç hatyny kabul etdi...

düýn 11:28
8.2k+

Serdar Berdimuhamedow suw hojalygy pudagynyň tehniki binýady pugtalandyrmak boýunça işler bilen tanyşdy

1-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik dolandyryş edarasyna bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde Hytaý Halk Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki aýratynlyklary bilen tanyşdy...