La Liste ýylyň iň gowy 1000 restoranyny saýlady

  • 29.11.2025 09:28
  • 4.4k+

Parižde restoranlaryň iň belli halkara reýtingleriniň biri bolan La Liste ýyllyk baýragynyň netijesi yglan edildi. Şu ýyl birinji orunda birbada on restoran ýerleşdi – olaryň ählisi 100-den 99,5 bal gazandy.

Öňdebaryjylaryň biri Pariždäki Guy Savoy boldy. Onuň bilen birlikde bu orny Nýu-Ýorkdaky Le Bernardin, Baýersbronndaky (Germaniýa) Schwarzwaldstube, Gonkongdaky Lung King Heen, Bazeldäki Cheval Blanc by Peter Knogl, Tokiodaky Matsukawa, Hildsburgdaky (ABŞ) SingleThread Farm, Bruzaportodaky (Italiýa) Da Vittorio, Lasarte-Oriýadaky (Ispaniýa) Martín Berasategui we Makaodaky Robuchon au Dôme paýlaşdy.
Time Out neşiri La Liste-niň şu ýyl onýyllygyny belleýändigi mynasybetli şonça ýeňijini saýlandygyny ýazýar.
La Liste müňlerçe çeşmäni: professional synlary, bilermenleriň bahalaryny, myhmanlaryň teswirlerini seljermegiň esasynda düzülýär. Reýting düzülende aşhananyň hili, atmosfera, tagamlaryň hödürlenişi we beýleki parametrler göz öňünde tutulýar.
Reýting 2015-nji ýyldan bäri hereket edýär we Michelin hem-de The World’s 50 Best Restaurants bilen bir hatarda dünýä gastronomiýasyna başgaça garaýyş hökmünde fransuz hökümetiniň başlangyjy bilen döredildi. 


düýn 16:40
1.6k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......