Paramount Jeki Çanyň we Kris Takeriň gatnaşmagynda «Dykyn wagty 4» filmini çykarar

  • 29.11.2025 09:06
  • 5.7k+

Paramount studiýasy komediýa görnüşli «Dykyn wagty» («Час пик») uruşly filminiň dördünji bölümini çykarmak barada şertnama baglaşdy. Täze filmiň režissýory franşizanyň öňki bölümleriniň ählisini düşüren Brett Retner bolar.

Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, Paramount Warner Bros. kompaniýasynyň adyndan taslamanyň prokaty bilen meşgullanar we munuň üçin kassa girdejisinden iki belgili göterim alar.
Bu kompaniýalaryň Paramount Dewid Ellisonyň gözegçiligine geçeni bäri ilkinji hyzmatdaşlygy boldy.
Dördünji bölümde öz keşplerine Jeki Çan bilen Kris Taker gaýdyp geler.
Ozal Semafor neşiri ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hut özüniň 90-njy ýyllaryň şeýle žanrdaky uruşly filmlerini gowy görýändigi we «Dykyn wagty» filmini žanryň iň gowy nusgalarynyň biri hasaplaýandygy üçin franşizany dikeltmek pikirini öňe sürendigini habar berdi. KHBS onuň degişli teklip bilen Ellisonlaryň maşgalasyna ýüz tutandygyny ýazdy. 
«Dykyn wagty» seriýasynyň üç filmi jemi 850 mln dollar gazandy. Franşiza gonkongly polisiýa işgäri Li we FBI agenti Jeýms Karter barada gürrüň berýär. Birinji bölümde olar Los-Anjelesde hytaý konsulynyň gyzynyň ogurlanmagyny derňeýär. Ikinji bölümde gahrymanlar Gonkonga ugraýar we triada bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Üçünji filmde waka Parižde bolup geçýär, bu ýerde olar güýçli jenaýat sindikatyna garşy durýar.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....