Variety ähli döwrüň iň gülkünç 100 komediýasyny saýlady

  • 28.11.2025 11:39
  • 6.3k+

Variety žurnaly ähli döwrüň iň gowy 100 komediýasynyň reýtingini hödürledi. Žurnalistler sanaw düzülende filmiň klassyk bolmagyna täsir edýän faktorlary göz öňünde tutmaga çalyşdy, ýöne esasy görkeziji filmiň näderejede gülkünçdigi boldy.

Reýtingiň başynda Lesli Nilseniň baş keşbi ýerine ýetirmeginde 1988-nji ýylda çykan “Ýalaňaç sapança” ýerleşdi. Film “könelmeýän” diýlip atlandyrylýar: onda ähli zadyň diýen ýaly üstünden gülünýär, baş gahryman bolsa “öz nadanlygynda nadan” bolup, uzak wagtlap ýatda galýar.
Ikinji orny Merilin Monro bilen 1959-njy ýyldaky meşhur “Jazda diňe gyzlar” filmi eýeledi. Žurnalyň belleýşi ýaly, režissýor Billi Uaýlder irki Golliwudyň ruhuny has batyrgaý döwrebap usullar bilen utgaşdyrmagy başarypdyr. Film häzirem tomaşaçylary özüne çekmegi başarýar.
Öňdebaryjylaryň üçlügini Wudi Alleniň 1977-nji ýylda çykan “Enni Holl” filmi jemleýär. Neşir muny režissýoryň karýerasynyň başynda döreden iň şowly we gülkünç işleriniň biri diýip belleýär. Žurnalistleriň pikiriçe, ol bu filmden soň ýene 50 töweregi film çykarsa-da, ondan öňe geçip bilmedi.
Sanawda köp filmler XX asyryň filmleri bolsa-da, olaryň arasynda häzirkizaman lentalaryna-da ýer tapyldy. Ýokary orunlary “Gyrada” (На обочине / 14-nji orun), “Super oglanlar” (SuperПерцы / 20-nji orun), “Wegasda gyz ýygny” (Девичник в Вегасе / 24-nji orun) we “Borat” (Борат / 26-njy orun) eýeledi. Sanawda iň “täze” film režissýor Ýorgos Lantimosyň “Betbagt biçäreler” (Бедные-несчастные / 2023) filmi boldy – 65-nji orun.

Variety boýunça taryhda iň gowy komediýalaryň ilkinji onlugy:

  1. “Ýalaňaç sapança” (Голый пистолет / 1988)
  2. “Jazda diňe gyzlar” (В джазе только девушки / 1959)
  3. “Enni Holl” (Энни Холл / 1977)
  4. “Beýik diktator” (Великий диктатор / 1940)
  5. “Gaffmana garaşyp” (В ожидании Гаффмана / 1996)
  6. “Monti Paýton we Mukaddes Graal” (Монти Пайтон и Священный Грааль / 1975)
  7. “Ördek çorbasy” (Утиный суп / 1933)
  8. “Fargo” (Фарго / 1996)
  9. “Ýaş Frankenşteýn” (Молодой Франкенштейн / 1974)
  10. “Surok güni” (День сурка / 1993)

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....