Madagaskaryň lemurlary tagamly nygmatlary söýüjiler sebäpli ýok bolmak howpy astyna düşdi

  • 28.11.2025 11:33
  • 5.7k+

Madagaskarda lemurlar olaryň etini satyn alýan barly adamlar sebäpli ýok bolup gitmek howpy astyna düşdi. Barlagçylar bu haýwanlaryň şäherde satylyşyny dört ýyllap öwrendiler we ýurduň 17 şäherinde 10 müňden gowrak lemuryň gymmat tagamlar hökmünde satylandygyny anykladylar diýip, The New York Times gazeti ýazýar.

Nygmat söýüjiler lemuryň etine "arassalygy" we süýjümtik tagamy üçin gadyr goýýarlar, sebäbi bu haýwanlar miweler bilen iýmitlenýärler. Olar etiň saglygy gowulandyrýandygyna ynanýarlar. "Bu haýran galdyryjy" - diýip, Halkara Primatologiýa Jemgyýetiniň prezidenti we Miçigan uniwersitetiniň professory Liliana Kortes Ortis aýtdy.
Boz lemurlar we wari lemurlary iň köp iýilýänlerdir. Bu görnüşler beýlekilerden has uly, olary tutmak aňsat we tagamly hasaplanýar.

"Olar öýde ýörite tagam hökmünde ýa-da restoranlarda, haýwany ele salmak başardan ýagdaýynda, ýörite şanly günlerde saçaga alynýar. Lemurlar derejäniň nyşanyna öwrüldi: olaryň etiniň bahasy sygyr etinden üç esse gymmat. Käwagt olar mifiki dermanlyk häsiýetleri üçin iýilýär" diýip, Nýu-Jersi ştatynyň Monkler döwlet uniwersitetiniň primatology Kortni Borgerson aýdýar.

Madagaskar dünýäde lemurlaryň tebigatda ýaşaýan ýeke-täk ýeridir. Olar syýahatçylary özüne çekýär hem-de tokaýlarda tohumlary ýaýratmaga we ösümlikleri tozanlandyrmaga kömek edýär.
Lemur awlamaklyk 60 ýyldan gowrak wagt mundan ozal gadagan edilenem bolsa, bikanun aw awlamak dowam edýär. Haýwanlar tokaýlaryň ýok edilmegi, howanyň üýtgemegi we öý haýwanlary hökmünde satylmak ýaly goşmaça howplara duçar bolýarlar.
Liliana Kortes Ortis bu meseläniň halkara jemgyýetçiliginiň we ýerli häkimiýetleriň ünsüni çekmelidigini nygtady. Madagaskaryň daşky gurşaw boýunça öňki ministri Maks Andonirina Fonteýn bu meseläniň öň seýrek gozgalandygyny belledi. 2024-2025-nji ýyllar aralygynda adada lemur awlamak ýa-da iýmek bilen baglanyşykly ýekeje iş hem gozgalmandyr.

şu gün 15:16
545

Emeli aňdan gadymy senetçilige çenli: ÝB medeni miras boýunça baýragyň eýelerini kesgitledi

«Europa Nostra» guramasynyň Ýewropa Komissiýasy bilen bilelikde guraýan «Ýewropa mirasy 2026» abraýly baýragyna 18 ýurtdan 30 töweregi taslama mynasyp boldy....

şu gün 15:07
972

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň birnäçe atşynaslaryna hormatly atlary dakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama 23-nji aprelde......

şu gün 14:38
262

Warner Bros.-yň paýdarlary Paramount bilen birleşmegi makulladylar

Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Warner Bros. Discovery kompaniýasynyň paýdarlary Paramount kompaniýasynyň aktiwlerini satyn almak baradaky ylalaşygy köplük ses arkaly goldadylar....

şu gün 10:37
899

Paramount «Top Gan 3» filminiň üstünde işleriň başlanandygyny resmi taýdan tassyklady

Paramount studiýasynyň kino bölüminiň ýolbaşçysy Joş Grinstin «Top Gan 3» filminiň önümçiligine badalga berlendigini resmi taýdan yglan etdi....