Jorj Kluni kino sungatyna goşan goşandy üçin Çarli Çaplin baýragyny alar

  • 28.11.2025 11:01
  • 1.4k+

Aktýor Jorj Kluni kino sungatynyň ösüşine uly goşant goşandygy üçin her ýyl berilýän 51-nji Çarli Çaplin baýragynyň eýesi bolar. Dabara 2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde Linkoln merkezinde geçiriler diýip, Variety ýazýar.

Sylaglamak baradaky çözgüt Nýu-Ýork festiwalynda “Jeý Kelli” filminiň premýerasy üstünlikli geçirilenden soň kabul edildi. Kluni onda baş keşbi ýerine ýetirdi. Ol ýaş üýtgemelerini başdan geçirýän we “Oskar” almagy umyt edýän, ýöne durmuşynda we karýerasynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýan aktýoryň keşbini ýerine ýetirdi. Onuň gahrymany menejer (Adam Sendler) bilen bilelikde Ýewropa syýahatyna ugraýar we öz durmuşyna düşünmäge çalyşýar.
Çaplin baýragy Kluniniň diňe bir aktýorlyk işini däl, eýsem onuň režissýor we prodýuser hökmünde gazananlaryny ykrar edýär. Linkoln merkeziniň müdirler geňeşi Kluniniň sungat ussatlygyny, özüne çekijiligi, degişgenligi we hünär ussatlygyny utgaşdyrýandygyny, onuň döredijiliginiň bolsa dünýädäki tomaşaçylary ruhlandyrýandygyny belledi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....