Kofe içmäge baglanan ýurtlar: 2025-nji ýylyň global reýtingi

  • 27.11.2025 12:03
  • 7.1k+

Dünýäde kofe bazary ösmegini dowam etdirýär, ýöne bu gurplandyryjy içgini sarp etmegiň endikleri sebitden sebitde juda tapawutlanýar. Mysal üçin, Demirgazyk Ýewropa döwletleri köne kofe däp-dessurlary we ýokary ýaşaýyş derejesi sebäpli, jan başyna içilen kofeniň mukdary boýunça öňdebaryjy bolmagynda galýarlar.

Cafely kompaniýasynyň maglumatlary esasynda taýýarlanan täze infografika 2025-nji ýylda 65 ýurdy bir adama düşýän gündelik ortaça kofe sarp edilişi boýunça deňeşdirýär. Reýting bütin dünýäde adamlaryň endikleriniň nähili tapawutlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Sanawda birinji orny Lýuksemburg eýeledi, bu ýerde bir adama günde 5,31 käse kofe düşýär. Emma bu ýokary görkeziji goňşy ýurtlardan işe gelýän işgärleriň köp bolmagy bilen baglanyşykly. Işçi güýjüniň 47%-i "kross-border" (serhetden geçip gelýänler) bolup, olaryň sarp edilişi hem Lýuksemburgyň statistikasynda hasaba alynýar.
Indiki orunlarda durnukly kofe medeniýeti bolan ýurtlar, ýagny Finlýandiýa we Şwesiýa gelýär.
Reýtingiň ilkinji onlugyndakylaryň ählisi Ýewropa döwletleridir, bu bolsa ýaşaýjylaryň köpýyllyk isleglerini we olaryň satyn alyjylyk ukybyny görkezýär.
Şol bir wagtda, uly ykdysadyýetler ilat sany sebäpli, sarp edilişiň uly absolýut göwrümlerine garamazdan, jan başyna has pes görkezijileri görkezýärler. Mysal üçin, ABŞ 24-nji orny eýeleýär – günde 1,22 käse. Ýaponiýada kofehanalaryň ösen pudagyna we bankadaky kofeniň meşhurlygyna garamazdan, ortaça bir käse kofeden az içilýär. Dünýäde iň uly kofe öndürijisi bolan Braziliýa 18-nji orunda ýerleşýär – günde 1,58 käse.
Sanawyň ahyrynda bolsa ýaşaýjylaryň köplenç çaý ýa-da beýleki içgileri içmegi makul bilýän ýurtlary bar. Mysal üçin, Hindistan iň pes sarp edilişi hasaba alýar – günde 0,02 käse (bu takmynan ýedi hepdede bir käse kofe diýmekdir). Afrikanyň we Günorta Aziýanyň birnäçe döwletleri hem pes görkezijileri görkezýärler – günde 0,3 käse kofeden az.

şu gün 12:35
1.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......