Hytaýyň Şençžen şäherinde dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty açyldy

  • 26.11.2025 13:14
  • 8.9k+

Hytaýda dünýäde iň uly üsti ýapyk dag lyža kurorty bolan Huafa Snow World işläp başlady. Ol Şençžende ýerleşýär we 100 müň inedördül metr meýdany tutýan emeli garly toplumdyr (bu takmynan 11 futbol meýdançasyna barabardyr). Bu gerim obýekte meşhur Ski Dubai-dan we Şanhaýdaky ýaňy-ýakynda rekord täzelän L+Snow toplumyndan geçmäge mümkinçilik berdi.

Toplumyň esasy elementi Halkara lyža federasiýasy (FIS) tarapyndan makullanan bäş sany halkara derejeli dag lyža trassasydyr. Iň uzyn trassa 441 metre ýetýär, beýiklik tapawudy bolsa 83 metrdir. Içindäki temperatura minus 6 Selsiý derejesinde saklanýar. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde tebigy aýaz bolmaýandygy bellärliklidir.
Kurortda dynç alyş we sport üçin dürli zolaklar göz öňünde tutulan. Bu ýere gelýänler gar seýilgähinden, oýun meýdançalaryndan we beýikligi 33 metr bolan buz şarlawugyny görmegiň lezzetini alyp bilerler. Onuň çäginde daýwing üçin çuňlugy 33 metrlik howuz hem ýerleşýär. Golaýynda "gury" zolak diýlip atlandyrylýan ýer hem işleýär – ol ýerde ýyly suwly tolkun howzy, gaýa dyrmaşma zolagy (skalodrom) we tigirli türgenleşikler üçin ugurlar bar.

Taslamany 29 milliard ýuandan gowrak ($4 milliard dollardan gowrak) maýa goýan iri döwlet kompaniýasy maliýeleşdirýär. Bu toplum syýahatçylygy ösdürmeklige we gyşky sport görnüşlerine gyzyklanma döretmäge ýardam berjek desga hökmünde döwlet goldawyny aldy.
Gelýänler üçin petegiň dürli formatlary taýýarlandy. Täze öwrenjeler üçin eşik toplumy berilýän üç sagatlyk giriş petegi, dogumly typýanlar üçin bolsa has dowamly seanslar we has kyn ýollara girmek teklip edilýär.
Şeýle hem, dag eňňidine bakýan görnüşli JW Marriott myhmanhanasy açyldy, şeýle hem söwda-güýmenje zolagy işleýär.


düýn 23:36
681

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
4.8k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.4k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.1k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......