Merkezi Aziýa döwletleri ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny özara ykrar etmek barada ylalaşdylar

  • 23.11.2025 22:56
  • 5.6k+

Merkezi Aziýa döwletleri akkreditirlenen ýokary bilim edaralary tarapyndan berlen diplomlary özara ykrar etmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Orient agentliginiň Zakon.kz portalyna salgylanyp ýazmagyna görä, resminamada sebitiň döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň hem, şeýle diplomlary umumy şertlerde ykrar etmek barada ylalaşandygy aýdylýar.

Ylalaşyk, ykrarnamanyň diňe hünär derejesiniň (kwalifikasiýanyň) her bir ýurduň ýokary bilim ulgamlarynyň bellenilen talaplaryna laýyk gelmegi şertinde amala aşyryljagyny göz öňünde tutýar. Diňe görkezilen hünär talaplarynyň arasynda subut edilen we ep-esli tapawutlar bolan ýagdaýynda ykrar etmekden ýüz öwürmek mümkinçiligi döreýär.
Mundan başga-da, Özbegistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Täjigistan ýaly döwletleriň şeýle diplomlara degişli ugurlar we hünärler boýunça hünär işine, okuw-hünär tejribesini (stažirovkany) geçmäge we okuwy dowam etdirmäge hukuk berýän resminamalar hökmünde garaýandygy görkezilýär.


düýn 23:01
887

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......