Dubaýdaky kafe taryhda iň gymmat kofeni hödürleýär: bir çaşka üçin $980

  • 23.11.2025 00:12
  • 7.5k+

Dubaýdaky Julith Coffee kafesinde bir çaşka üçin 3600 dirham (980 dollar) bahadan kofe peýda boldy diýip, The Independent habar berýär.

Bu içgi günbatar Panamadaky Baru wulkanynyň eňňitlerinde ösdürilip ýetişdirilýän seýrek görnüş bolan Nido 7 toplumynyň Geisha kofe dänelerinden taýýarlanýar. Bu mikrolotuň aýratynlygy her bir toplumyň tutuş hasyl möwsümi üçin bary-ýogy birnäçe kilogram däne bermegidir.
Julith Panamadaky auksionda 20 kilogram Nido 7 dänesini satyn alyp bildi. Söwdada ýiti göreş gitdi. Baha 549 teklipden soň 2,2 mln dirhama (600 müň dollara) ýetdi, bu hem Nido 7-ni taryhda iň gymmat kofe toplumyna öwürdi.

Indi kafede 400 çaşka töweregi içgi taýýarlamak meýilleşdirilýär. Olardan birini Dubaý emirliginiň hökümdary – şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum üçin taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

“Nido 7 Geisha – bu ajaýyp kofe bolup, ony ýer ýüzünde diňe ýek-tük adam dadyp biler we indi bu ilkinji gezek Dubaýda mümkin boldy. Onuň azdygy üçin, her bir çaşka taryhyň bir bölejigi ýaly duýulýar. Meniň üçin onuň Alyhezretleri şeýh Mohammed üçin bir çaşka gaýnatmak uly hormat bolardy” – diýip, kafede esasy roster Serkan Sagsoz belledi. 


07.02.2026 08:38
3.9k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar...

04.02.2026 14:55
15k+

Saud Arabystanynda iniňi tikenekledýän seýilgäh açyldy

Saud Arabystanynda Six Flags Qiddiya City tematik seýilgähi resmi ýagdaýda açyldy. Seýilgähde jemi 28 sany attraksion bar, olaryňam üçüsi gönümel rekordlar taryhyna girdi. Attraksionlaryň naýbaşysy Falcons Flight dünýäniň iň beýik, iň uzyn we iň tiz amerikan amerikan demirýol depejigi (roller coaster) boldy...

30.01.2026 13:09
14k+

Gyzylyň gymmat wagtynda Dubaý altyndan köçe gurýar

Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär. Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl...

01.01.2026 18:09
6.5k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar...