“Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” filminiň ilkinji treýleri çykdy

  • 22.11.2025 11:05
  • 3.9k+

Lionsgate kinostudiýasy “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” (Голодные игры: Рассвет жатвы) filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Meşhur franşizanyň täze bölümi indiki ýylyň 20-nji noýabrynda prokata çykar.

Sýuzen Kollinziň romanyna esaslanýan film asyl filmdäki wakalardan 25 ýyl öň bolup geçen wakalar barada gürrüň berer. Sýužet 50-nji “Açlyk oýunlaryna” ünsi jemleýär, bu ýerde ýaş Heýmitç Abernati ilkinji gezek meýdança çykar.
Filmiň režissýory franşizanyň öňki bölümleriniň ählisini düşüren Frensis Lorens boldy. Aktýorlar düzümine Jozef Zada, Jessi Plemons, Glenn Klouz, Kiran Kalkin, El Fenning, Reýf Faýns, Maýýa Houk, Billi Porter we beýlekiler girdi.
Maý aýynda Lionsgate kinostudiýasy franşizanyň muşdaklarynyň arasynda uly onlaýn-kasting geçirdi. Onuň ýeňijisi Floridadan aktýor we režissýor Dewon Singlteri boldy. Ol filmde Heýmitç Abernatiniň we Kitnissiň kakasy Berd Ewerdiniň ýakyn dosty bolan Bleriň keşbini ýerine ýetirmek mümkinçiligini gazandy.  


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....