“Türkmenistan” awiakompaniýasy Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň işjeň agzasy boldy

  • 22.11.2025 10:39
  • 6.6k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Howa ýük daşamalarynyň halkara assosiasiýasynyň (TIACA) işjeň agzasy derejesine eýe boldy we oňa assosiasiýanyň degişli şahadatnamasy gowşuryldy. Bu barada wise-premýer M.Çakyýew anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu netije halkara ýük howa gatnawlary ulgamynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek, üstaşyr mümkinçiliklerini, logistika babatda özüne çekijiligini artdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde gazanyldy. Munuň özi halkara ýük howa daşamalary ulgamynda Watanymyzyň ornuny berkitmekde möhüm ädimleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamdow ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagyny ösdürmäge, logistika mümkinçiliklerini has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini, bu ugurda halkara gatnaşyklary giňeltmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de daşary ýurt awiakompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklibi makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......