Norwegiýa dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragyna dalaş etmek boýunça öňdebaryjy boldy

  • 19.11.2025 23:03
  • 3.1k+

Norwegiýanyň “Duýgy gymmatlygy” dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragy üçin iň köp dalaşgär görkezilen film boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Ýoakim Trieriň (“Dünýäde iň ýaramaz adam”) filmi “iň gowy ýewropa filmi”, “režissýor”, “ssenariçi”, şeýle-de “aktýor” (Stellan Skarsgard) we “aktrisa” (Renate Reinswe) kategoriýalarynda baýrak üçin göreşer. Film çagalykda galdyryp giden režissýor kakasy bilen gaýtadan birleşýän iki uýa barada gürrüň berýär.
Şeýle-de, “Sirat” ispan, “Ýykylmagyň sesi” nemes filmleri we Jafar Panahiniň “Ýönekeý bir tötänlik” (Eýranyň, Fransiýanyň we Lýuksemburgyň bilelikdäki önümçiligi) filmi birnäçe nominasiýa eýe boldy.
Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragynyň 38-nji gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda Berlinde geçiriler. Hormat baýraklary aktrisa Liw Ulmana we režissýor Aliçe Rorwahere berler.
“Iň gowy ýewropa filmi” kategoriýasynda dalaşgärler:

  • ·“Arko” (Арко)
  • ·“Ýalňyzlyk günleri” (Дни одиночества)
  • ·“Hind Rajabyň sesi” (Голос Хинд Раджаб)
  • ·“Ýykylmagyň sesi” (Звук падения)
  • ·“Kiçijik Ameli” (Маленькая Амели)
  • ·“Oliwiýa we görünmeýän ýertitreme” (Оливия и невидимое землетрясение)
  • ·“Ýuwaş-ýuwaşdan ýanýan Ýeriň aýdymlary” (Песни медленно горящей Земли)
  • ·“Hudaýyň iti” (Пёс Божий)
  • ·“Ýönekeý bir tötänlik” (Простая случайность)
  • ·“Rifenştal” (Рифеншталь)
  • ·“Hasan bilen Gazada” (С Хасаном в Газе)
  • ·“Duýgy gymmatlygy” (Сентиментальная ценность)
  • ·“Sirat” (Сират)
  • ·“Jadyly bagdan ertekiler” (Сказки из волшебного сад)
  • ·“Fiume ýa-da ölüm” (Фиуме или смерть)

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....