Aktrisa Mişel Ýeo Berlin kinofestiwalynyň abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar

  • 19.11.2025 13:27
  • 4.9k+

Hytaý gelip çykyşly malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo kinematografiýa goşan goşandy üçin abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar. Baýrak oňa 12-nji fewralda Berlin film festiwalynda gowşurylar diýip, Variety habar berýär.

Ýeo 50-den gowrak filmde, şol sanda “Oskar” we “Altyn globus” baýraklaryny alan, A24-iň “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (“Всё везде и сразу”) filminde janlandyran baş keşpleri we Kewin Kwanyň “Çenden aşa baý aziýalylar” (“Безумно богатые азиаты”) filminde oýnan baş keşbi bilen tanalýar.

"Mişel Ýeo — suratkeş we hyýalkeşdir, onuň işleri serhetleri — goý ol geografiki, dil ýa-da kinematografiki serhetler bolsun — pozmagy başarýar. Onuň hökmürowan barlygy, batyrgaý döredijilik çözgütleri we üýtgewsiz stili Berlinalede we bütin dünýäde kinematografiýaçylaryň we janköýerleriň nesillerinde ýatdan çykmajak yz galdyrdy" – diýip, Berlin film festiwalynyň müdiri Trişa Tattl belledi.

Mişel Ýeonyň özi munuň özi üçin aýratyn bir waka bolandygyny aýtdy.

"Berlin ýüregimde elmydama aýratyn orun tutýardy. Bu meniň işlerimi şeýle mähir we sahylyk bilen kabul eden ilkinji festiwallardan biri boldy. Şunça ýyldan soň gaýdyp gelmek, kinematografiýada ýolumyň ykrar edilmegi hakykatdanam ähmiýetlidir" diýip, aktrisa aýtdy.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....