Audi Formula-1-de ilkinji gezek çykyş etjek öz ýaryş ulagynyň reňkini mälim etdi

  • 19.11.2025 12:37
  • 2.4k+

Audi R26 Concept konsept-karyny görkezdi — nemes kompaniýasynyň Formula-1-de ilkinji gezek çykjak ýaryş ulagy hut şeýle reňkler bilen bezeler. Awtoulag öndürijisi 2026-njy ýylda çempionatda bäsleşer. Zawod topary Stake F1 Team Kick Sauber toparynyň esasynda döredilýär.

Awtoulagyň dizaýny kümüşsöw, gyzyl we gara reňklerde bolup, häzirlikçe hemaýatkär nyşanlary ýok. Liwreýa kuzowy wizual ýagdaýda iki bölege bölýär. Şeýle-de, dört halkaly nyşan “burnunda”, hereketlendirijiniň gapagynda we yzky antikryloda ýerleşdirildi. Audi toparyň doly tanyşdyrylyşyny ýanwar aýynda geçirer, ýaryş awtoulagy bolsa fewral aýynda synaglaryň öňüsyrasy görkeziler.
Audi-iň baş direktory Gernot Dellner kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli çempionlyk ugrunda bäsleşmegi maksat edinýändigini mälim etdi. Toparda nemes sürüjisi Niko Hýulkenberg we braziliýaly Gabriel Bortoleto çykyş eder. Öň Ferrari toparyna ýolbaşçylyk eden şweýsariýaly-italýan inženeri Mattia Binotto toparyň ýolbaşçysy wezipesine bellendi.


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......