Apple iPhone we Mac üçin täze funksiýalary goşdy: täzelenmelerde näme täzelik bar?

  • 19.11.2025 12:16
  • 1.4k+

Apple iOS 26.2-iň ikinji beta görnüşini çykardy. Onda iPhone ulanyjylary üçin birnäçe ownuk, ýöne möhüm täzelenmeler bar. Bulara has köp interfeýs sazlama opsiýalary, gowulaşan animasiýalar we täze howpsuzlyk funksiýalary girýär diýip, MacRumors ýazýar.

Liquid Glass
Indi Gulplama ekranynda Liquid Glass süýşürgiji peýda boldy. Ol sagadyň durulygyny doly durulykdan tutuksylyga çenli sazlamaga mümkinçilik berýär. Bu dizaýn iPhone-yňyzy takyk sanly liniýka (ýa-da çyzgyç) öwürýän Measure programmasyna hem goşuldy.

"Oýunlar" we CarPlay
Oýunlar goşundysy goşmaça tertipleşdiriş wariantlaryny aldy — indi taslamalary ady, iň soňky başlanan senesi ýa-da ululygy boýunça tertipläp bolýar. CarPlay indi Habarlar programmasyndaky berkidilen habarlary öçürmäge mümkinçilik berýär.

Açylýan menýu
Apple açylýan menýularyň animasiýasyny gowulandyrdy we has çalt hem-de akgynly etdi – şeýle täsiri kompaniýa ozal WWDC konferensiýasynda görkezipdi.

"Gyssagly duýduryşlar"
Täzelenen howpsuzlyk funksiýasy göni iPhone we Watch enjamlaryna gyssagly duýduryş iberýär. Şol bir wagtda ýerleşýän ýeri hakyndaky maglumatlar saklanmaýar we habarnamalar bolsa Wi-Fi ýa-da Bluetooth arkaly iberilýär.

macOS 26.2 täzelenmesi
Mac kompýuterlerine Edge Light funksiýasy — ýörite wideo jaňlary üçin halka görnüşli yşyklandyryş täsiri goşuldy. Ulgam dogry yşyklandyrmany üpjün etmek üçin ulanyjynyň ýüzüni, boýuny (height) we ýagdaýyny awtomatiki kesgitleýär. Bu aýratynlyk FaceTime we Zoom bilen işleýär.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...