Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Türkmenistanda ussatlyk-sapagyny geçdiler

  • 19.11.2025 11:45
  • 6k+

10-14-nji noýabr aralygynda «Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwrenilişini tizleşdirmek» diýen Britan geňeşiniň maksatnamasynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Nottingem uniwersitetiniň professorlary Martin Sewior we Sara Han Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda boldular. 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, daşary ýurtly kärdeşler institutyň iňlis dili mugallymlary üçin okuw maslahatyny geçirdiler. Çäräniň dowamynda myhmanlar iňlis dili okadylanda ulanylýan işjeň usullar, okatmakda aýratyn ünsi talap edýän wajyp ugurlar barada, şeýle hem inklýuziw bilimi ornaşdyrmagyň ýollary barada gürrüň berdiler. Professorlar öz tejribelerini paýlaşdylar hem-de garalýan çemeleşmeleri iş ýüzünde görkezdiler. 
4-nji ýyl talyplar bilen duşuşykda professorlar iňlis dilinde okamagy we ýazmagy öwretmegiň usulyýeti, şeýle hem okuw işine inklýuziw bilimi ornaşdyrmagyň usullary boýunça ussatlyk-sapagyny geçdiler. 
Daşary ýurtly myhmanlar institutyň Aşgabat şäherindäki 131-nji we 140-njy ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinde mugallym bolup işleýän uçurymlarynyň sapaklaryna baryp gördüler hem-de okuwçylar üçin inklýuziw okatmagy ornaşdyrmak boýunça usulyýet tekliplerini berdiler. Mundan başga-da, professorlar uçurymlar bilen duşuşyk geçirip, onda mekdepdäki sapaklarda inklýuziw okatmak üçin okuw materiallaryny taýýarlamagyň usullaryny görkezdiler. 
Britan uniwersitetiniň wekilleri, şeýle hem institutyň mugallymlarynyň sapaklaryna gatnaşyp gördüler, umumy sapaklaryň barşyny synladylar hem-de ony teswirläp, mugallymlaryň hünär derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça gymmatly usulyýet tekliplerini berdiler. 


30.05.2026 17:05
7.4k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......