Aleksandr Usik WBO çempiony titulyndan ýüz öwürdi

  • 19.11.2025 09:57
  • 7.1k+

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony titulyndan ýüz öwürdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.

“WBO agyr agramda guşagyň geljegi bilen baglylykda Aleksandr Usigiň toparyndan resmi habarnama kabul etdi. Düýpli oýlanmalardan soň, Usik bu tituldan ýüz öwürmek kararyna geldi” – diýlip, WBO-nyň beýanynda aýdylýar.

Guramanyň ýolbaşçysy Gustawo Oliwýeri WBO-nyň türgeniň gelen netijesini hormatlaýandygyny belledi. “Bu hoşlaşyk däl-de, onuň toparynyň aýdyşy ýaly, esasly arakesme. WBO-nyň gapylary Usik we onuň topary üçin hemişe açyk bolar” – diýip, ol belledi.
Ozal iýulda WBO Usigi hökmany dalaşgär, täze zelandiýaly Jozef Parker bilen söweşmäge borçlandyrypdy we taraplara gepleşikler üçin 30 gün berdi. Usigiň topary saglyk näsazlyklary (arka şikesi) barada lukmançylyk resminamalaryny berip, möhletiň 90 gün yza süýşürilmegini sorady.
Awgustyň ahyrynda sosial ulgamlarda, şol sanda Usigiň sahypasynda onuň tans edýän wideosy peýda boldy. Mundan başga-da, ol haýyr-sahawat futbol oýnuna gatnaşdy. WBO onuň saglyk ýagdaýy barada gaýtadan maglumat sorady. Boksçynyň topary suratyň we wideonyň onuň ringe çykmaga taýýardygyny delillendirmeýändigini we lukmanlaryň görkezmelerine ters gelmeýändigini aýtdy.
Soňra gurama Parkere 25-nji oktýabrda wagtlaýyn guşagyň goragyny geçirmäge rugsat berdi we Usigi bu söweşiň ýeňijisi bilen duşuşmaga borçlandyrdy. Oňa bu döwürde başga söweşlere gatnaşmak gadagan edildi. Sentýabrda WBO lukmançylyk görkezmeleri boýunça tituly goramak baradaky gepleşikleriň möhletini uzaltdy.
Ýatlap geçsek, 20-nji iýulda Usik super-agyr agramda absolýut dünýä çempiony ady üçin britaniýaly Daniel Dýubuadan üstün çykdy. 38 ýaşly ukrainaly Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) we WBO-nyň titullaryny saklady, şeýle-de Dýubua degişli bolan IBF guşagyny aldy. 


30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....