iPhone Air 2 2027-nji ýylyň ýazyndan ir çykmaz

  • 18.11.2025 17:00
  • 5k+

Apple kompaniýasy iPhone Air 2 smartfonyny 2027-nji ýylyň ýazynda çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi.

Smartfon kompaniýanyň ultra inçe smartfonlarynyň hataryny dowam etdirer we Apple-iň ilkinji 2 nanometrlik platformasyna eýe bolar. Ol energiýa netijeliligini ýokarlandyryp, smartfonyň goşmaça zarýad bermezden iş wagtyny uzaltmaly.
Öň smartfonyň çykyşynyň birinji nesil modeliň gowşak satuwy sebäpli näbelli möhlete süýşürilendigi barada maglumat peýda boldy. Soňra onuň alty aý gijikdirme bilen çykjakdygy belli boldy – reliz 2026-njy ýylyň güýzünden 2027-nji ýylyň ýazyna geçirildi.
Gurmanyň soňky habarynda bu maglumat tassyklanýar, ýöne kompaniýanyň iPhone Air hataryny iPhone smartfonlarynyň adaty ýyllyk tertibi boýunça çykarmagy başdan meýilleşdirmändigi aýdylýar. Şeýle-de, kompaniýa modeli adaty we Pro wersiýalardan doly aýratynlandyrmak üçin iPhone 17 Air adyny ulanmazlyk kararyna geldi.
Insaýderiň maglumatlaryna görä, iPhone Air 2 smartfonynyň daşky görnüşiniň düýpli üýtgemegine garaşylmaýar. Esasy üns awtonom iş wagtynyň uzaldylmagyna we käbir täzelenmelere gönükdiriler. Mundan başga-da, Apple ultra giňburçly surata düşüriş üçin ikinji esasy kamerany oturtmak mümkinçiligini öwrenýär. 


02.03.2026 22:21
4.9k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.8k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...