Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy

  • 17.11.2025 14:44
  • 7.8k+

17-nji noýabrda Daşkentde ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Özbegistanyň ýokary döwlet sylagy — «Ýokary derejeli dostluk» (Oliý Darajali Dustlik) ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentine bu ýokary sylagy gowşuryp, däp bolan türkmen-özbek dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde Serdar Berdimuhamedowyň şahsy goşandyny belledi. Özbek Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Serdar Berdimuhamedow Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryny, hoşniýetli goňşuçylygy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmekde, söwdada, senagatda, ulag ulgamynda, energetikada, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, sportda, ynsanperwer ulgamda köptaraply, uzak möhletli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmekde bitiren ägirt uly taryhy hyzmatlary, doganlyk halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna, jebisleşmegine, gadymy taryhy, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary aýawly saklamaga, medeniýet we sungat ugurlarynda gatnaşyklary ilerletmäge, ählumumy durnuklylygy, özara ynanyşmak ýagdaýyny, sebitde hyzmatdaşlygy we ylalaşyklylygy berkitmäge goşan ägirt uly goşandy üçin bu abraýly sylaga mynasyp boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bu belent sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Ýeri gelende, şu ýylyň 24-nji aprelinde Özbegistana amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow hem «Ýokary derejeli dostluk» ordeni bilen sylaglanandygyny nygtamak gerek.


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......