Daşkentde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy geçirildi

  • 17.11.2025 14:27
  • 7.6k+

Şu gün, 17-nji noýabrda Daşkentde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Kuksaroý» köşgünde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Köşgüň ikiçäk duşuşyklar otagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda däp bolan türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Duşuşykda syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde özara hereketleri işjeňleşdirmek, durnukly ösüş meselelerinde dialogy giňeltmek, özara saparlardyr ugurdaş komitetleriň mejlislerini guramak, dostluk toparlarynyň işi arkaly parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, daşary syýasat edaralarynyň derejesinde alnyp barylýan geňeşmeleri dowam etdirmek ýaly ugurlara aýratyn üns çekildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäginde tagallalary utgaşdyrmak, sebit howpsuzlygy bilen baglylykda, Owganystanda parahatçylygy, durmuş-ykdysady ösüşi dikeltmek barada-da durlup geçildi.
Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň söwda ulgamyndaky mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyny aýdyp, 2026-njy ýylda Türkmen-özbek işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we üçünji sebitara forumy geçirmegi, Aşgabatda hem-de Daşkentde iki ýurduň söwda öýlerini açmagy teklip etdi. Şu gün dabaraly ýagdaýda açyljak Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň işi-de özara söwdany giňeltmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şular bilen birlikde, döwlet Baştutany ulag, energetika, oba we suw hojalygy, himiýa senagaty, medeniýet, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem anyk başlangyçlary öňe sürdi.


düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......