Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynda çykyş etdi

  • 17.11.2025 10:27
  • 4.3k+

16-njy novabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

Daşkent şäheriniň Kongres merkeziniň foýesinde Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Özbegistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň Prezidentleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşdylar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmegi bilen gutlady. Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutany Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň şu formata doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy bilen gutlady.

"Biziň ýurtlarymyza ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Munuň üçin Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek diýip hasaplaýaryn" diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi hem-de döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalar barada barmaýar. Bu gün biz elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitimizde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigini nygtaýarys. Şeýlelikde, bolup biläýjek daşarky oňaýsyz şertleriň täsirine durnukly elektrik üpjünçilik ulgamy üçin ygtybarly serişde binýady dörediler.
Senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görýäris. Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

"Umuman, sebitde ekologik meselelerde, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris. Merkezi Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, sebitde onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýarys" diýip, döwlet Baştutany aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynda ýurtlarymyzyň ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.
Özbegistanyň Prezidenti çuň manyly çykyşy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, sebit ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek, serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, “ýaşyl” energetika boýunça taslamalary ilerletmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we onuň täsirlerini peseltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary dowam edýär.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.2k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
753

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......