Türkmen wekiliýeti Pekinde Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

  • 16.11.2025 18:19
  • 3.3k+

14-nji noýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektoryndan, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygyndan we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymyndan ybarat wekiliýet Pekin şäherinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly iri halkara çäresine gatnaşdy.

Bu çäre hytaý dilini ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we bilim ulgamynda gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge bagyşlandy.  Bu foruma dünýä ýurtlaryň we sebitleriň 160-dan gowragyndan 2000 töweregi wekil, şol sanda 51 döwletden gelen hytaý dili boýunça ýaş hünärmenleriň 61-si gatnaşdy.
Maslahatyň çäklerinde meseleleriň giň toplumyna bagyşlanan umumy mejlisler, bölümçeleriň mejlisleri we açyk maslahatlaşmalar geçirildi, şol sanda:

  • daşary ýurt dili hökmünde hytaý dilini okatmagyň häzirki zaman usullary;
  • mugallymçylyk işgärleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak;
  • okatmagyň innowasion sanly okuw platformalaryny we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak;
  • okuw-usuly materiallary täzelemek we bilim işiniň hilini ýokarlandyrmak;
  • Hytaýyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki alyş-çalyşy ösdürmek;
  • halkara dil maksatnamalarynyň we medeni hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ýaly möhüm meselelere giňişleýin garalyp geçildi.

Ýöriteleşdirilen sergide bilim ulgamyndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalar: elektron okuw toplumlary, VR/AR çözgütler, interaktiw serişdeler, şeýle hem emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan platformalar görkezildi.​​​​​​​


08.05.2026 22:36
2.7k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......

28.04.2026 23:02
7.2k+

Türkmenistanda mekdepler üçin pars dili we biologiýa boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maslahaty boýunça ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin iki sany täze okuw kitaby neşir edildi....