Lando Norris Braziliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 10.11.2025 13:06
  • 1.6k+

“Maklaren” toparyndan britaniýaly Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 21-nji tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş San-Pauludaky “Interlagos” awtodromynda geçirildi.  

Norris 1:32:01.596 netijäni görkezip, karýerasynda 11-nji we yzygider ikinji ýeňşini gazandy. Ikinji bolup pellehana “Mersedesden” italiýaly Kimi Antonelli geldi. Üçlügi ýaryşa pit-leýnden başlandygyna garamazdan, “Red Bulldan” häzirki çempion, niderlandly Maks Werstappen jemledi.
Şeýle-de, ilkinji onluga şular girdi: 4. Jorj Rassell (Beýik Britaniýa, “Mersedes”), 5. Oskar Piastri (Awstraliýa, “Maklaren”), 6. Oliwer Berman (Beýik Britaniýa, “Haas”), 7. Liam Louson (Täze Zelandiýa, “Reýsing Bulls”), 8. Isak Hajar (Fransiýa, “Reýsing Bulls”), 9. Niko Hýulkenberg (Germaniýa, “Kik Zauber”), 10. Pýer Gasli (Fransiýa, “Alpin”).
Ýaryşy “Ferrariniň” iki sürüjisi-de tamamlap bilmedi. Antonelli “Maklarenden” awstraliýaly Oskar Piastri bilen çaknyşandan soň, Şarl Lekleri kakdy. Şol sebäpli Lekler ýaryşdan çykmaly boldy.
Britaniýaly Lýuis Hemilton hem birinji aýlawda bolidine zyýan ýetirdi, soňra boksa girip, ýaryşy möhletinden ir tamamlady. Braziliýaly Gabriel Bortoleto (“Kik Zauber”) ýaryşdan çykan üçünji sürüji boldy, ol kanadaly Lens Stroll (“Aston Martin”) bilen çaknyşdy.
Indiki tapgyr 23-nji noýabrda Las-Wegasda geçiriler. 


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

13.06.2026 17:07
12k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....