Ilon Mask SpaceX-iň göni orbitada maglumat merkezlerini gurmak meýli barada aýtdy

  • 08.11.2025 07:41
  • 2.8k+

Ilon Mask SpaceX-iň göni orbitada maglumat (data) merkezlerini gurmak meýilnamasyny mälim etdi. Şeýle çözgüt emeli aňyň çalt ösmegi sebäpli artýan hasaplaýyş kuwwatyna we maglumat saklaýyş zerurlygyna esaslanýar.

Bu pikir bilen ozal hem birnäçe başlangyçlar gyzyklanypdy. Mysal üçin, Google-yň öňki ýolbaşçysy Erik Şmidt bu ugurda işlemek üçin Relativity Space kompaniýasyny satyn aldy. Jeff Bezos bolsa 10–20 ýylyň dowamynda iri orbital maglumat merkezleriniň peýda boljakdygyny aýdypdy.
Maskyň sözlerine görä, SpaceX bu işi öz infrastrukturasy arkaly amala aşyryp biler:

«Starlink V3 hemralaryny ýokary tizlikli lazer aragatnaşygy bilen giňeltmek ýeterlik — we ulgam işläp başlar. SpaceX muny ýerine ýetirer» — diýip, Mask X sosial torunda ýazdy.

Orbital maglumat merkezleriniň artykmaçlyklary:

  • Gün energiýasy çäksiz diýen ýaly.
  • Atmosfera zyňyndylary ýok — ekologiýa taýdan arassa.

Kynçylyklary:

  • Gurluşyk we hyzmat işleriniň bahasy ýokary.
  • Tehniki taýdan çylşyrymly infrastruktura zerur.

Muňa diňe nazaryýet hökmünde garamaýanlaryň biri bolan Mask — onuň Starlink ulgamy eýýäm dünýäniň millionlarça ulanyjysyny internet bilen üpjün edýär. Bu bolsa kompaniýanyň uly kosmos taslamalaryny durmuşa geçirmäge ukyplydygyny görkezýär.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....