“Gurak” ekzoplanetalaryň öz jümmüşinde suw emele getirip bilýändikleri ýüze çykaryldy

  • 08.11.2025 07:06
  • 2.5k+

Alymlar köp wagtdan bäri, adatça suwy saklap bilmeýär öýdülýän “suw dünýäleri” (mini-neptunlar ýa-da subneptunlar) nädip öz ýyldyzlarynyň golaýynda bolup bilýär diýlen sorag bilen gyzyklanýarlar. Ilki bilen, şeýle planetalar “gar serhediniň” daşyndaky sowuk giňişliklerden içki orbitlara göçüp gelendir diýip çak edilýärdi.

Emma Arizona uniwersitetiniň hem-de Ysraýylyň Açyk uniwersitetiniň alymlary täze nazary çaklama hödürlediler: olaryň pikirine görä, subneptunlar öz jümmüşlerinde özbaşdak suw döredip bilýärler.
Bu pikiri barlamak üçin alymlar şeýle planetalaryň ýadrosy bilen mantiýasynyň araçäginde bolup biljek şertleri laboratorýada gaýtaladylar. Olaryň synagynda minerallar (mysal üçin, oliwin) 420 müň atmosfera basyşly we 3651°C goýy gyzgynlykda wodorod bilen täsirleşdirildi.
Netijeler haýran galdyrdy: eredilen jynslardan çykýan kislorod wodorod bilen derrew reaksiýa girip, ep-esli mukdarda suw emele getirdi. Hasaplamalara görä, hakyky subneptunyň jümmüşinde bu proses planetanyň ummasyndan üçden bir bölegine golaý bölegini suwa öwrüp bilýär.
Şeýlelikde, “gurak” ekzoplanetalaryň hökmany ýagdaýda suwa baý zolakda emele gelmegi şert däl. Olar özünde umumy ummanlary döredip bilýär. Bu bolsa, mysal üçin, TOI-270 gyzyl girdenegiň daşyndan aýlanýan suw dünýäleriniň bardygyny düşündirýär.


şu gün 10:53
434

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.8k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....