Minecraft iň köp satylan oýun boldy: 350 milliondan gowrak nusga satyldy

  • 06.11.2025 11:06
  • 1.4k+

Minecraft taryhda iň köp satylan wideooýun boldy. Oýun çykany bäri 16 ýylyň içinde bütin dünýäde oýunçylar 350 milliondan gowrak nusga satyn aldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ilkibaşda Minecraft 2009-njy ýylda mugt synag wersiýasy hökmünde çykdy, resmi reliz 2011-nji ýylda boldy. Şondan bäri ol ýönekeý bir taslamadan dünýä medeniýetiniň bir bölegi bolan oýna öwrüldi. 2023-nji ýylyň oktýabrynda satuw 300 mln nusgadan geçdi, 2025-nji ýylyň güýzüne çenli bolsa bu netije ynamly täzelendi.
Oýnuň ekranlaşdyrmasynyň üstünligi-de pes bolmady. “Minecraft kinoda” filmi Warner Bros. studiýasynyň iň girdejili relizi boldy. Onuň dünýädäki kassa ýygymy 950 mln dollardan geçdi.
Bu netijeden ruhlanyp, Warner Bros. filmiň dowamynyň düşürilýändigini yglan etdi. Onuň premýerasy 2027-nji ýylyň 23-nji iýulyna meýilleşdirilýär. 


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....