Patyşa Karl III Dewid Bekheme rysarlyk derejesini berdi

  • 06.11.2025 11:02
  • 8.1k+

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçysy Dewid Bekheme futbolyň we britan jemgyýetiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin rysarlyk derejesini berdi. Dabara 4-nji noýabrda Berkşir graflygyndaky Windzor galasynda geçirildi diýip, BBC mediakorporasiýasy habar berdi.

Beýik Britaniýada rysarlyk tituly döwlet gullugyndan we ylymdan başlap, medeniýete, sporta we haýyr-sahawata çenli dürli ugurlarda ýurduň öňünde bitirilen görnükli hyzmatlar üçin berilýär. 50 ýaşly Bekhemi sylaglamak baradaky çözgüt 13-nji iýunda Karl III-niň resmi doglan güni mynasybetli yglan edildi. Şol gün hökümet döwlet baýraklarynyň täze laureatlarynyň sanawyny hödürledi.
Bekhem sportda gazanan üstünlikleri we işjeň haýyr-sahawat işleri üçin ser adyna mynasyp boldy. Onuň eýýäm Britaniýa imperiýasynyň ordeniniň ofiseri ady bolan aýaly Wiktoriýa dabarada geýer ýaly Bekhem üçin kostýum döretdi. Türgeniň aýtmagyna görä, patyşa onuň eşigine ýokary baha berdi.
2013-nji ýylda karýerasyny tamamlamak bilen, Bekhem futbol taryhynda uly yz galdyrdy. Ol “Mançester Ýunaýtedde”, Madridiň “Realynda”, “Milanda”, “Los-Anjeles Gelakside” we “Pari Sen-Žermende” oýnady, alty gezek Angliýanyň premýer-ligasyny utdy we 1999-njy ýylda Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Häzir ol Lionel Messiniň oýnaýan “Inter Maýami” klubunyň egindeş eýesidir.


düýn 23:19
1.7k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
11k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....