Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ykdysadyýet we filosofiýa boýunça halkara olimpiadalaryň ýeňijileri sylaglanyldy

  • 05.11.2025 10:59
  • 3.9k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mejlisler zalynda Halkara ykdysadyýet we Halkara filosofiýa olimpiadalarynyň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy diýip, "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda internet arkaly II Halkara ykdysadyýet hem-de Halkara filosofiýa olimpiadalary oktýabr aýynyň ahyrynda üstünlikli geçirildi.
Olimpiadalar türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde geçirildi. Olaryň birinji tapgyrynda talyplar A we B derejeler boýunça bäsleşdiler. Halkara ykdysadyýet olimpiadasynda A derejä ykdysadyýet we dolandyryş, statistika taýýarlyk ugurlary boýunça okaýan talyplar, B derejä islendik hünär ugurly talyplar gatnaşdylar. Edil şonuň ýaly, Halkara filosofiýa olimpiadasynda hem A derejä filosofiýa, taryh we beýleki jemgyýetçilik taýýarlyk ugurlary boýunça okaýan, B derejä bolsa beýleki hünärlerde okaýan talyplar gatnaşdylar.
Halkara ykdysadyýet olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 25-sinden 438 talyp we daşary ýurtlaryň 13-siniň 30 sany ýokary okuw mekdebinden 615, jemi 1 müň 53 talyp gatnaşdy. Olardan 262-si baýrakly orunlara mynasyp bolup, medal we ýörite şahadatnamalar bilen sylaglandy. 262 medalyň 148-sini türkmen talyplary gazandylar.
Halkara filosofiýa olimpiadasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 25-sinden 480 talyp we daşary ýurtlaryň 13 sany ýokary okuw mekdebinden 119, jemi 599 talyp gatnaşdy. Olardan baýrakly orunlary eýelän 251 talyba medal we ýörite şahadatnamalar gowşuryldy. Bu bäsleşikde türkmen talyplarynyň 208 medala mynasyp bolmagy örän buýsandyryjydyr.

Umumylykda 1 müň 652 talyby özünde jemlän ykdysadyýet we filosofiýa olimpiadalaryna dünýäniň dürli ýurtlaryndan talyp ýaşlaryň gatnaşmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten belent derejesiniň subutnamasydyr.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......