Günorta Koreýada ekzoskeletli geýimköpçülikleýin öndürilmäge taýyn edildi

  • 04.11.2025 19:42
  • 3.8k+

Günorta Koreýada täze görnüşli ekzoskelet oturdylan ýeňil geýim — “robo-mata” bilen işlýän kostýum köpçülikleýin önümçilige taýyn edildi. Bu çözgüt Koreýanyň Maşyngurluşyk we materiallar institutynyň (KIMM) robotika boýunça Öňdebaryjy tehnologiýalar merkezinde işlendi diýip, Eurekalert habar berýär.

Täze matanyň düzümindäki süýümler diňe 10 gramm agramda bolup, 15 kilograma çenli ýük göterip bilýär. Netijede, bu geýim adamyň myşsalaryna düşýän agramy takmynan 40% azaldýar.
Bar bolan ekzoskeletler köplenç agyr we asuda däl. Koreýa alymlarynyň täze çözgüdi bolsa has ýeňil, çeýe we gündelik ulanmak üçin amatly bolar diýip bellenilýär.
Tehnologiýanyň esasy aýratynlyklary:

  • Matada ýadyň garyndysy (SMA) bilen iş edýän ultra inçe aktuator simleri peýdalanyldy.
  • Simleriň diametri 25 mikrometr — adam saçyndan dört esse inçe.
  • Täze gurluş materialyň çeýeligini artdyrdy we önümçiligi ýönekeýleşdirdi.

Synag üçin agramy 2 kg-dan az bolan ilkinji geýilýän robot döredildi. Ol tirsegi, egniňi we bili goldaýar we gaýtalanýan hereketler wagtynda myşsa ýüküni 40% çenli peseldýär.
Şeýle-de, 840 gramlyk ýeňil egin roboty döredildi — ol myşsa distrofiýasy bolan näsaglara niýetlenýär. Seul milli uniwersitetiniň hassahanasynda geçirilen kliniki synaglar egniň herekete ukybynyň 57% artandygyny görkezdi.
Täze enjam logistikada we gurluşykda işleýän adamlaryň fiziki ýadawlygyny azaldyp biler, myşsa näsaglarynyň durmuşyny ýeňilleşdirmäge kömek eder.


şu gün 10:01
703

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......