Türkmenistanda maliýe boýunça II halkara olimpiada geçiriler

  • 04.11.2025 19:00
  • 1.5k+

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Maliýe» dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny olimpiada gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada ýokary okuw mekdeplerde dürli hünärler hem-de taýýarlyk ugurlary boýunça bilim alýan gyzyklanma bildirýän ähli talyplar gatnaşyp biler. Her ýokary okuw mekdepden 4 talypdan köp bolmadyk ýaşlar gatnaşmaga goýberilýär. 
Olimpiada 14-nji noýabrda şahsy bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Bäsleşigiň resmi dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleridir. 
Olimpiada gatnaşyjylara «Maliýe» dersi boýunça ýumuşlaryň 10-sy teklip edilip, olary çözmäge 120 minut wagt berler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň netijeleri toplanylan utuklaryň jemi boýunça kesgitleniler. Olimpiadanyň eminleriniň düzümine Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girýärler.
Olimpiadanyň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Ýumuşlaryň 6-syny doly ýerine ýetiren, ýöne ýeňijileriň hataryna düşmedik gatnaşyjylara Hormat hatlary gowşurylar. 
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler 10-njy noýabra çenli tsiem.olymp@gmail.com ýa-da tsiem.muhanow@gmail.com elektron salgylara institutyň saýtynda ýerleşdirilen goşunda laýyklykda özleri hakda maglumatlary ibermelidirler.
Talyplaryň beren maglumatlary esasynda olimpiadanyň geçiriljek tsiem.olymp.edu.tm onlaýn platformasyna olaryň girip bilmegi üçin bellige alnan ýazgysy dörediler. Gatnaşmak üçin login we parol talyplara olaryň bellige alnanda görkezen elektron salgysyna iberiler.
Goşmaça maglumatlar institutyň ýokarda görkezilen saýty, elektron salgy hem-de +99312 48 62 73, +99362 03 59 90 telefon belgiler boýunça elýeterlidir.


02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......