Microsoft Azure-däki uly bökdençlik bütin dünýäde Xbox bilen Microsoft 365-iň işine zyýan ýetirid

  • 31.10.2025 11:36
  • 989

Microsoft Azure bulut platformasy uly bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz boldy, bu hem kompaniýanyň Microsoft 365 ofis programmalaryndan başlap, Xbox oýun hyzmatlaryna we Minecraft oýun serwerlerine çenli esasy hyzmatlaryna zyýan ýetirdi. Şeýle-de, näsazlyklar Azure hyzmatlaryndan peýdalanýan beýleki köp kompaniýalara-da täsir etdi.

Bökdençlik 29-njy oktýabrda Aşgabat wagty bilen 21:00 töweregi başlady.
Maglumatlara görä, meseleleriň sebäbi platformanyň sazlamalaryndaky üýtgeşmeler boldy. 21:20 töweregi Microsoft bu üýtgetmeleri aýrandygyny we soňky durnukly sazlamalary gaýtadan gurnandygyny habar berdi, bu geljek dört sagadyň dowamynda serwisleriň işini dikeltmäge kömek etmelidi. Muňa garamazdan, köp ulanyjylarda Azure portalyna we beýleki hyzmatlara girmekde bökdençlikler hatda 30-njy oktýabrda irden hem hasaba alyndy.
Bökdençligiň esasynda Xbox Status Page ýüklenmegini bes etdi, Microsoft 365-de bolsa birikmekde ýalňyşlyklar we gijikdirmeler ýüze çykdy. Microsoft 365-iň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntynda derňew işleriniň geçirilýändigi we kompaniýanyň trafigi gaýtadan paýlamak arkaly näsazlygy aradan aýyrmaga çalyşýandygy habar berildi.
Bökdençlik başga kompaniýalara-da täsirini ýetirdi:

  • Alaska Airlines we Hawaiian Airlines – awiakompaniýalaryň müşderileri hasaba alyşda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy, olara howa menzillerindäki agentler arkaly uçara münmek üçin talon almak maslahat berildi.
  • Community Fibre internet-prowaýderi käbir müşderilerde meseleleriň bardygyny tassyklady;
  • Kroger amerikan supermarket ulgamy saýtda we ykjam goşundyda bökdençligiň bardygyny habar berdi;
  • Ulanyjylar hem Starbucks, Costco we Capital One saýtlarynda näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. 

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

17.03.2026 20:39
822

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.5k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...