Airbus, Leonardo we Thales SpaceX bilen bäsleşmek üçin bilelikde täze kosmos kompaniýasyny döredýärler

  • 29.10.2025 09:21
  • 1.4k+

Airbus, Leonardo we Thales kompaniýalary özleriniň kosmos bilen bagly bölümlerini birleşdirmek barada özara düşünişmek Ähtnama gol çekdiler. Bu ädim Ýewropanyň kosmos bazaryndaky ornuny güýçlendirmäge, aýratyn-da häzirki wagtda bu pudakda agalyk edýän SpaceX bilen bäsleşmäge gönükdirilendir.

Täze bileleşigiň döredilmeginiň Ýewropa düzenleşdirijileri tarapyndan tizleşdirilen tertipde tassyklanylmagyna garaşylýar – adaty 3 ýylyň ýerine, takmynan 1 ýylda. Kompaniýalar birleşen kärhananyň işini 2027-nji ýyla çenli ýola goýmagy meýilleşdirýärler.
Üç kompaniýa hem öň hemralar, harby tehnologiýalar we aragatnaşyk enjamlary boýunça işleýärdi. Emma täze tehnologiýalaryň ösüşi we gaýtadan ulanylýan raketalaryň peýda bolmagy öňki iş usullarynyň girdejililigini peseltdi.
Birleşdirilen gurluşyň ýyllyk dolanyşygy takmynan 6,5 milliard ýewro we takmynan 25 müň işgär bolar. Paýlar şeýle bölünýär:

  • Airbus — 35%
  • Leonardo — 32,5%
  • Thales — 32,5%

Kompaniýalar ýakyn wagtda kärdeşler arkalaşygy bilen gepleşiklere başlar. Häzirlikçe zawody ýapmak meýilleşdirilmeýär, ýöne geljekde optimizasiýa müňlerçe iş ornuna täsir edip biler.


15.12.2025 17:39
4.1k+

Türkiýe Somalide öz kosmodromynyň gurluşygyna başlady

Türkiýe Somaliniň çäginde kosmodrom gurmak işine girişdi. Bu desga ýurda öz raketa göterijilerini ulanmak mümkinçiligini berer diýip, Baykar awiagurluşyk kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktar Stambulda geçirilen Take off tehnologiýa forumynda aýtdy...

30.11.2025 09:33
7.1k+

Airbus programma üpjünçiligindäki näsazlyklar sebäpli A320 uçarlaryny yzyna gaýtarýar: bu dünýä awiaparkynyň ýarysyna deň

Airbus awiakosmos korporasiýasy programma üpjünçiligi bilen bagly meseleleri çözmek üçin A320 uçarlar toparynyň "aglaba bölegini" yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Airbus awiakompaniýalara iberen beýanatynda programma üpjünçiliginiň indiki meýilleşdirilen uçuşdan öň çalşyrylmalydygyny tabşyrdy...

29.11.2025 18:21
14k+

Russiýa 1961-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Baýkonurdaky heläkçilik sebäpli kosmosa adam iberip bilmez

27-nji noýabrda Baýkonur kosmodromyndan kosmonawtlar Kud-Swerçkow, Mikaýew we astronawt Lu Uilýams bilen “Soýuz MS-28” kosmos gämisi HKS-e ugrady. Uçuşdan soň birinji basgançagyň reaktiw akymynyň № 31 uçuş meýdançasyny zaýalandygy belli boldy diýip, The Insider neşiri habar berýär...

26.11.2025 12:21
6.6k+

ABŞ-da energiýany simsiz geçirmek boýunça rekord goýuldy

Star Catcher Industries amerikan startapy lazer şöhlesi arkaly adaty, kommersiýa Gün panellerine 1,1 kW optiki kuwwat geçirmek bilen simsiz energiýa geçiriş boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Synaglar Florida ştatynyň Kennedi adyndaky kosmodromynda geçirildi...