Ferrari meşhur F40-dan ylham alnan ýeke-täk nusgada superkary çykardy

  • 25.10.2025 11:46
  • 3.7k+

Ferrari markasynyň aýratyn taslamalar bölümi tarapyndan diňe bir nusgada döredilen täsin SC40 superkary tanyşdyryldy. Täze model 296 GTB platformasyna esaslanýar we meşhur Ferrari F40 modeline hormat hökmünde döredilipdir — bu onuň adynda hem, daşky görnüşiniň aýratynlyklarynda hem aýdyň görünýär.

SC40 doly täzeden taýýarlanan kuzowa eýe bolup, 296 GTB-den diňe öň aýnanyň formasy we gapdal howa girişleri miras alyndy. Ulagyň dizaýnynda F40-yň nusgawy aýratynlyklary — burçly şekiller, ýumşak geçişli çyzyklar we faralaryň formasy aç-açan saklanyp galdy. Model üçin aýratyn ak öwüşginli reňk işlendi.
Salon bolsa 296 GTB bilen meňzeşdir, ýöne olaryň arasynda esasy tapawut — interýerde karbon-kewleriň giňden ulanylmagydyr. Bu hem F40-yň gurluş materiallaryna edilýän yşarat hökmünde saýlanyp alnan.
Tehniki taýdan SC40 296 GTB-e doly gabat gelýär: gibrid güýç enjamy 830 at güýjüni we 740 Nm tork öndürýän V6 hereketlendirijisine esaslanýar. Ulagyň gury agramy 1550 kg. 0-dan 100 km/s tizlige 2,9 sekuntda, 200 km/s tizlige bolsa 7,3 sekuntda çykýar. Iň ýokary tizligi 330 km/s-den ýokary.
Ferrari bu ýeke-täk SC40-yň kimiň sargyt edendigini hem-de onuň bahasyny mälim etmedi.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......