Netflix baş keşpde Maýkl Fassbenderiň oýnamagynda Kennedi maşgalasy barada serial düşürer

  • 23.10.2025 17:43
  • 2k+

Netflix we Chernin Entertainment ABŞ-nyň 35-nji Prezidenti Jon Kennediniň kakasy, işewür we diplomat Jozef Patrik Kennedi-ulynyň durmuşyna bagyşlanan “Kennedi” drama serialynyň üstünde işläp başlady diýip, Deadline ýazýar.

Taslamada baş keşbi Maýkl Fassbender (“Şöhratsyz deýýuslar”, “Stiw Jobs”) ýerine ýetirer. Ssenarini Sem Şou (“Manhetten” serialy) ýazar, režissýor hökmünde Tomas Winterberg (“Aw”, “Ýene bir gezek”) çykyş eder.
Taryhçy Fredrik Logewallyň “JFK: Amerikan asyrynda şahsyýetiň kemala gelşi, 1917-1956” kitabyna esaslanýan serial sekiz bölümden ybarat bolar. Sýužetiň merkezinde Kennedi nesilşalygyny döreden şahsy durmuş, gatnaşyklar, bäsdeşlik we betbagtçylyklar durar.
Birinji möwsümiň wakalary 1930-njy ýyllarda, Jozef Kennedi Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýanyň başlygy, ABŞ-nyň Deňiz komissiýasynyň direktory we uruşdan öňki döwürde Beýik Britaniýada ilçi wezipelerini eýelän döwürleri ýaýbaňlanar. Şeýle-de, onuň aýaly Rouza we çagalaryna, şol sanda geljekki Prezident Jon Kennedä üns berler.
Taslama köp ýagdaýda Netflix-iň “Täç” taryhy serialynyň üstünliginden ruhlandy. Ol britan monarhiýasyna bagyşlanan bolup, 87 nominasiýadan 24 “Emmi” baýragyny aldy. 


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....