Nike bilen Doernbecher çagalar hassahanasy Oregon saglyk we ylym uniwersitetiniň (OHSU) goldaw bermeginde alty sany ýaş hassa tarapyndan döredilen Nike Doernbecher Freestyle 21 haýyr-sahawat kolleksiýasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast habar berýär.
Şu ýyl kolleksiýa V2K Run, Vomero Plus, Air Force 1 ’07, Air Max Dn8, Air Max Plus we Air Jordan 17 modelleri, şeýle-de gara Club Fairway kardigany we tematiki suratlar bilen bezelen köýnekçeler girdi. Ähli önümler Nike-yň meýletinçileri bilen bilelikde hassahananyň hassalary tarapyndan döredildi. Her jübüt aýakgap çaga-dizaýneriň şahsy wakasyny we onuň keseli ýeňip geçiş ýoluny gürrüň berýär.
Kolleksiýa Portlendäki haýyr-sahawat auksionynda hödürlendi we häzir Nike SNKRS programmasynda elýeterlidir.
Satuwdan alnan ähli serişdeler çagalaryň bejergisine goldaw bermek, olaryň maşgalalaryna kömek etmek we lukmançylyk gözleglerini maliýeleşdirmek üçin OHSU Doernbecher Children’s Hospital gaznasyna gönükdirilýär. Bu başlangyç 2004-nji ýylda öňe sürüldi we şondan bäri haýyr-sahawat maksatlaryna 40 mln dollardan gowrak ýygnady.