Nike we Hyperice massažly krossowkalary satuwa çykardy

  • 20.04.2025 23:32
  • 4.1k+

Nike we Hyperice kompaniýalary türgenler üçin niýetlenen, myşsalaryň türgenleşikden öň taýýarlanylmagyna we türgenleşikden soň çalt dikeldilmegine ýardam berýän ýokary tehnologiýaly Hyperboot krossowkalaryny satuwa çykarandyklaryny habar berdiler.

Hyperboot krossowkasy Normatec tehnologiýasy esasynda taýýarlanyldy. Iki gatly howa kameralary arkaly basyşly massaž täsiri döredilýär, gyzdyryjy elementler bolsa dabany hem-de topugy deň derejede gyzdyrýar. Bu bolsa myşsalaryň türgenleşikden öň taýýarlanylmagyna we türgenleşikden soň çalt dikeldilmegine uly kömek edýär.
Üç derejeli ýylylyk we basyş sazlamalaryna aýakgabyň üstündäki düwmeler arkaly ýa-da ýörite ykjam goşundy arkaly gözegçilik edip bolýar. Aýakgabyň içinde, dabanyň astynda ýerleşýän batareýa ony özbaşdak, ýagny simsiz ulanmak mümkinçiligini berýär.
Bu tehnologiýa ilkinji gezek 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda görkezildi. Lebron Jeýms ýaly birnäçe meşhur türgen bu önümiň «hereketlilik we terapewtiki täsiriniň utgaşmasyna» ýokary baha berdi.
Krossowka 17-nji maýdan başlap Demirgazyk Amerikada satuwa çykarylar we ilki bilen Nike.com, Hyperice.com ýaly resmi web sahypalarynda hem-de saýlanan dükanlarda satylar. Bahasy – 899 dollar.
Dünýä boýunça satuwyna 2025-nji ýylyň ahyrynda başlamak meýilleşdirilýär.


30.05.2025 12:19
4.7k+

Nike we LEGO ilkinji bilelikdäki krossowka modelini hödürledi

Nike we LEGO bilelikdäki kolleksiýasyndan ilkinji krossowka modelini – Air Max Dn-i hödürledi. Ol 2025-nji ýylyň awgustynda satuwa çykar diýip, Sneaker Bar Detroit habar berýär. Bu brendleriň döredijilik bilen işjeň durmuş ýörelgesini utgaşdyrmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ilkinji model boldy...

21.02.2025 19:46
5.7k+

NikeSKIMS: Nike we Kim Kardaşýan zenanlar üçin täze sport egin-eşik brendini döretdi

Nike kompaniýasy Kim Kardaşýanyň Skims brendi bilen hyzmatdaşlykda döredilen täze - NikeSKIMS sport egin-eşik brendini işe girizýär. «Zenanlary sporty söýmäge höweslendirer ýaly, şeýle-de olarda özlerine bolan...

30.08.2024 11:27
3.2k+

Nike Kobi Braýantyň hormatyna krossowka çykarýar

Nike amerikan kompaniýasy meşhur basketbolçy Kobi Braýanta bagyşlanan täze Kobe 8 Protro Lakers Home krossowkalaryny hödürledi. Krossowkalar 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda 180 dollar bahasy bilen satuwa çykarylar...

11.05.2024 08:46
8.1k+

Tim Kuk täze iPad Pro-ny hut şonda döredilen Nike krossowkalarynda tanyşdyrdy

7-nji maýda täzelenen iPad Pro-nyň tanyşdyryş dabarasynda Apple-iň ýolbaşçysy Tim Kuk adaty bolmadyk krossowkalarda peýda boldy. Görlüp oturylsa, ol krossowkalar ýörite şol çäre Nike kompaniýasy tarapyndan döredilen Air...