Fransiýada Luwrdan soň ýene bir muzeý talandy

  • 22.10.2025 21:41
  • 5.2k+

Fransiýada ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Langr şäherinde “Deni Didronyň magaryf öýi” muzeýi talandy. Bu waka barada France Info habar berýär.

20-nji oktýabrda irden işe gelen muzeý işgärleri giriş gapysynyň we altyn hem kümüş teňňeli witrinalaryň döwlendigini gördi. Jenaýatkärler muzeýde goýlan teňňeleriň bir bölegini ogurlapdyr.
Gürrüň 1790-njy ýyldan 1840-njy ýyl aralygynda zikgelenen 319 altyn we 1633 kümüş teňňeden ybarat kolleksiýa barada gidýär. Bu teňňeler muzeý hazynasyna girýärdi – olar 2011-nji ýylda muzeýiň binasynyň abatlaýyş işleri wagtynda tapyldy.
Muzeýiň galan eksponatlary öz ýerinde dur. Langr şäher häkimligi hukuk goraýjy edaralara derrew habar berlendigini aýtdy. Muzeýiň işgärleri häzir ogurlanan teňňeleriň anyk sanyny hasaplaýar.
Langrdaky ogurlyk Parižde Luwr muzeýinde bolan ogurlygyň ertesi güni bolup geçdi. Bu ýerde maskaly jenaýatkärler imperatorlaryň kolleksiýasyndan dokuz eksponaty, şol sanda Napoleona we onuň aýaly Žozefina degişli gymmat bahaly şaý-sepleri ogurlapdy. Luwrda ogurlanan zatlaryň umumy bahasy 88 mln ýewro diýlip hasaplanýar.


19.02.2026 10:39
9.6k+

Fransiýada 36 gün bäri dynman ýagan ýagyş taryhy rekordy täzeledi

Fransiýada ýagynly günleriň dowamlylygy boýunça taryhy rekord hasaba alyndy. BFMTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ýurtda 15-nji ýanwardan bäri, ýagny 36 günläp yzyny üzmän ýagyş ýagýar. Howanyň ýaramazlaşmagy bilen 17-nji fewralda dört sany departamentde sil gelme ähtimallygy zerarly iň ýokary — "gyzyl" derejeli howp yglan edildi...

13.02.2026 19:14
6.5k+

BFMTV: Luwry suw basyp, eksponatlaryň birnäçesine zeper ýetdi

13-nji fewral gijesi Luwry suw basdy. Pariž muzeýiniň tehniki gulluklary «adatdan daşary ýagdaý» yglan etdiler diýip, BFMTV habar berýär. Waka muzeýiň XV–XVI asyrlaryň sungat eserleri saklanýan «Dýuşatel» atly 707-nji zalynda boldy...

12.02.2026 21:08
6.8k+

Fransiýanyň günbatar bölegi «Nils» harasatyna sezewar boldy

Fransiýanyň Atlantik ummanynyň kenarýakasyna we ýurduň günorta-günbatar bölegine «Nils» harasaty uly zarba urdy. Euronews neşiriniň habar bermegine görä, bu tebigy hadysa elektrik energiýasynyň köpçülikleýin kesilmegine we ulag ulgamynyň işiniň bozulmagyna sebäp boldy...

07.08.2025 18:06
14k+

Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny lowlaýar

Fransiýanyň günortasynda 1949-njy ýyldan bäri iň uly tokaý ýangyny dowam edýär. Ot ýüzlerçe ýerli ýaşaýjylaryň göçürilmegine getirdi diýip, BFM TV habar berýär. Ýangyn-halas ediş gullugynyň başlygy Kristof Maniniň aýtmagyna görä, alaw 16 müň gektary gurşap aldy we 90 kilometre ýaýrady...