CR450 dünýäde iň tiz elektrik otly boldy, ol sagatda 453 km tizlige ýetdi

  • 22.10.2025 14:14
  • 5.6k+

Hytaýda geçen ýyl hödürlenen dünýäde iň tiz CR450 elektrik otlusy synaglaryň dowamynda ýeke otly üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Ol sagatda 453 km ýetdi diýip, MyDrivers portaly ýazýar.

Tehniki talaplara doly laýyk gelmek üçin, otly ýolagçy gatnadyp başlamazdan ozal synag režiminde 600 000 km geçmeli.
Hytaý inženerleri soňky bäş ýylyň içinde tehnologiýany kem-kemden kämilleşdirdi. Netijede, otlynyň aerodinamiki garşylygyny 22% azaltmak başartdy.
Sagatda 350 km tizlige ýetýän adaty elektrik otlynyň kelle böleginiň uzynlygy 12,5 metre ýetýär, CR450-de bolsa ol 15 metre çenli uzaldyldy we howanyň garşylygyny peseltmek üçin has ýiti şekile eýe boldy. Otly doly ýapyk bolup, tigirler görünmeýär diýen ýaly, onuň beýikligi bolsa özünden öňki bilen deňeşdirilende 20 santimetr, agramy 50 tonna azaldyldy.
CR450 elektrik otlusy duran ýerinden 350 km/sag çenli bary-ýogy 4 minut 40 sekuntda bat alýar, öňki model Fuxing şeýle tizlige 6 minut 20 sekuntda ýetýärdi.


şu gün 07:37
658

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 10:55
5.3k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:04
8k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

08.06.2026 18:02
4.8k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....