Ýewropa Bileleşigi öndürijilerden aýrylýan USB-C zarýad kabellerine geçmegi talap eder

  • 21.10.2025 16:20
  • 7.8k+

Ýewropa Bileleşigi 2028-nji ýyldan başlap sarp ediş elektronikasyny öndürijilerden zarýad berijileri we daşarky energiýa bloklaryny bir umumy ülňi boýunça – USB-C porty bilen çykarmaga borçlandyrjak kanuny tassyklady. Üstesine-de, kabel hökman aýrylýan bolmaly. Tom’s Hardware-iň habar berşi ýaly, täze talaplar enjamlaryň gabat gelijiligini ýokarlandyrmaga we elektron zibilleriň mukdaryny azaltmaga gönükdirilýär.

Düzgün oýun konsollaryndan we monitorlardan başlap, routerlere, simsiz zarýad berijilere we TW pristawkalaryna çenli 240 Wt çenli kuwwatly enjamlara degişlidir.
Her bir zarýad blogunyň, iň bolmanda, bir USB-C porty, aýrylýan kabeli bolmaly we USB Power Delivery (USB-PD) ülňüsi boýunça işlemeli. Şeýle-de, öndürijiler korpusda, portlarda we kabellerde kuwwaty görkezmeli, gabat gelýän gurluşlarda bolsa Common Charger logotipi bolmaly.
Kanun energiýany tygşytlamak boýunça-da düzgünleri girizýär: 10 Wt-den ýokary kuwwatly bloklar hatda enjam sähel energiýa talap edende-de tygşytly bolmaly, simsiz zarýad berijiler bolsa garaşma režiminde az energiýa sarp etmeli. Olaryň energiýa blogy çalşyp ýa-da gaýtadan ulanyp bolar ýaly daşarky bolmaly.
Bu talaplar üznüksiz energiýa çeşmelerine, lukmançylyk enjamlaryna, elektrosamokatlara, welosipedlere we çygly gurşawda ulanylýan enjamlara degişli däldir.
ÝB-niň hasaplamasy boýunça, täze ülňüler her ýyl, takmynan, 1070 TWt/sag elektrik energiýasyny tygşytlamaga kömek eder.


02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......