Islegiň peselmegi barada gürrüňem ýok: elektromobilleriň we gibridleriň global satuwy rekord derejä ýetdi

  • 21.10.2025 12:03
  • 5.9k+

Sentýabr aýynda elektrik awtoulaglarynyň we plug-in gibridleriň dünýä boýunça satuwy geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 26% ýokarlanyp, rekord derejede — 2,1 million birlige ýetdi diýip, Reuters habarlar gullugy Rho Motion barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Rho Motion-yň maglumat dolandyryjysy Çarlz Lesteriň sözlerine görä, satuwyň üçden iki bölegi — takmynan 1,3 million awtoulag — Hytaýyň paýyna düşdi. Demirgazyk Amerika ýurtlarynda hem rekord hasaba alyndy, sebäbi alyjylar arzanladyşlaryň möhleti dolmanka, olardan peýdalanmaga howlukdylar.
Hytaý dünýäniň iň uly awtoulag bazary bolup galýar — elektrikli we gibrid ulaglaryň ýarysyndan gowragy onuň paýyna düşýär. Ýewropa bolsa Germaniýadaky arzanladyşlaryň we Beýik Britaniýadaky güýçli islegiň netijesinde täze rekord derejesine ýetdi. Şeýle-de, Tesla Model Y awtoulagynyň iň elýeterli görnüşiniň satuwa çykarylmagy bazardaky bäsdeşligi güýçlendirer diýlip garaşylýar.
Sentýabr aýynda Ýewropada satuw 36% ýokarlanyp, 427 541 ulag satyldy. Demirgazyk Amerikada bolsa ösüş 66% bolup, takmynan 215 000 birlige ýetdi. Beýleki sebitlerde-de satuw 48% artdy ýa-da 153 594 ulag satyldy.

“Federal höweslendirmeler ýatyrylandan soň, ABŞ-da islegiň ýylyň soňky çärýeginde ep-esli peselmegine garaşylýar” diýip, Lester belläp geçdi.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......