Türkmenistanda okuwçylar üçin “Geometriýa” we “Ýapon dili” dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi

  • 21.10.2025 11:45
  • 6k+

Türkmenistanda 8-nji synp okuwçylary üçin “Geometriýa” we “Ýapon dili” dersleri boýunça täze okuw kitaplary neşir edildi.

“Ýapon dili” atly täze okuw kitaby okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär. Ol maşgaladan we Watandan başlap iki ýurduň medeniýetine çenli sekiz tematiki bölümden durýar.
Bu okuw kitabyň aýratynlygy — sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyndadyr. Tekstler we sözlükler ses ýazgylary bilen üpjün edilendir. Munuň özi okuwçylaryň geplemek we ýazmak başarnyklaryny ösdürip, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Kitabyň ahyrynda iki dilli (türkmen–ýapon) sözlük ýerleşdirilendir.
“Geometriýa” okuw kitaby matematika ugurly ýöriteleşdirilen mekdepleriň 8-nji synp okuwçylary üçin niýetlenendir. Kitap zehinli ýaşlary ösdürmäge gönükdirilip, üç esasy bölümden ybaratdyr:

  • «Üçburçlygyň taraplary bilen burçlarynyň arasyndaky arabaglanyşyklar» (gönüburç üçburçlyklaryň aýratynlyklary bilen bilelikde);
  • «Dörtburçlyklar» (parallelogram, romb, dörtburçlyk, trapesiýa, Falesiň teoremasy, simmetriýa);
  • •«Şekilleriň meýdany» (Pifagoryň teoremasynyň dürli subutnamalary we düşündirişi bilen bilelikde).

02.06.2026 20:35
3.5k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......